Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE BINAGÄRLIK MINISTRLIGINIŇ MARY ŞÄHERINDÄKI JEMAGAT HOJALYGY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2-2,5 ýyl.
Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Mary şäherinde 2022-nji ýylyň 11-nji iýuly — 13-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebinde 2022-nji ýylyň awgust aýynyň 16-17-si, 19-y we 20-si günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Mary welaýaty, Mary ş., Baýramhan köçesi, 1”d”. Tel.: 5-07-40, 5-05-38, 5-13-58.
SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:
(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)
Mary welaýaty
Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-nji iýul-13-nji awgust aralygynda (dynç günsiz) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.