Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi

Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

HYDYR DERÝAÝEW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Býujet esasynda:

  1. Başlangyç synplarda okatmak.
  2. Mekdebe çenli bilim we terbiýe.

II. Tölegli esasda:

  1. Başlangyç synplarda okatmak.
  2. Mekdebe çenli bilim we terbiýe.

Mugallymçylyk mekdebine Mary we Lebap welaýatlarynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Mary we Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde (Mary şäheri) we Lebap welaýatynyň merkezinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Lebap welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;
  • Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy: Mary welaýaty, Mary ş., Aşgabat köçesi, 49, Tel.: 5-20-55, 5-29-15.


SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;
  • Kerki etrap hassahanasy;
  • Dänew etrap hassahanasy;

 

Mary welaýaty

  • Mary şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Ýolöten etrap hassahanasy;
  • Sakarçäge etrap hassahanasy;
  • Tagtabazar etrap hassahanasy;
  • Mary etrap hassahanasy;
  • Wekilbazar etrap hassahanasy;
  • Murgap etrap hassahanasy;
  • Türkmengala etrap hassahanasy;
  • Garagum etrap hassahanasy;

   RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)

Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirelen 30-njy orta mekdebi, Parahat kiçi etrapça, tel: 6-69-67, 6-59-73

Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)

Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi, Mary şäheri, Aşgabat köçesi, 49, telefon: 5–20–55, 5–29–15.

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

GIRIŞ SYNAGLARYNYŇ AŞGABAT ŞÄHERI WE WELAÝATLAR BOÝUNÇA GEÇIŞ TERTIBI

Lebap welaýaty

Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirelen 30-njy orta mekdebi (27-29-njy iýul)

Mary welaýaty

Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi (31-nji iýul – 2-nji awgust)

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Admin 15 Jul, 2021
Soraglara jogap berilmegi hem-de has giňişleýin maglumatlar üçin Play marketdan Kitaphana programma 5 ýyldyz goýmagy we Kitaphana programmany Imo arkaly istoriýaňyzda dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Häzirki wagtda programmany we websaýty ulanýan gaty az, Sorag berýän hem şo bir adamlar, Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.
Admin 15 Jul, 2021
@Orazgül, @Ramazan, @Nurjahan, @Aman, @Arzuw Lebap welaýaty: №30 mekdep
Orazgül 14 Jul, 2021
Lebap welaýatynda nirä tabşyrmaly
Ramazan 13 Jul, 2021
Nira tabsyrmaly dakumentleri lebap welayatynda
Nurjahan 13 Jul, 2021
Dokumetim tayyn yone nira tabshymaly bilemok. Lebap welayaty nira tabshyrmaly aydayyn kim bilyan bolsa?
Aman 12 Jul, 2021
Lebap welayaty ucin resmi is kagyzlaryny nira tabsyrmalyka?
Arzuw 12 Jul, 2021
Lebap welaýaty üçin resmi iş kagyzlaryny nira tabşyrmalyka?