Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi

Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT ENERGETIKA ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Elektrik beketler, ýaýlymlar we ulgamlar.

2. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.

3. Ýylylyk beriji elektrik beketleri.

4. Elektrogeçiriji ugurlaryny gurnamak we ulanmak.

5. Ýylylyk üpjünçiligi we ýylylyk tehniki abzallary.

6. Elektrik beketlerinde suwuň, ýangyjyň we çalgy materiallaryň tehnologiýasy.

7. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.

8. Kompýuter torlary.

9. Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 19-njy awgusty  aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2024-nji ýyl yň awgust aýynyň 22-23-i, 25-i we 26-sy  günlerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Oguz han köçesi, 13, tel.: 42­-83-­73, 49­-48­-05, 49-­48-­16.

SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 6-njy saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 12-nji saglyk öýiniň Büzmeýin şahamçasy; 

  • Aşgabat şäher 16-njy saglyk öýi; 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;

  • Ak bugdaý etrap hassahanasy;

  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;

  • Kaka etrap hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;

  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;

  • Hazar şäher hassahanasy;

  • Gumdag şäher hassahanasy;

  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Gyzylarbat etrap hassahanasy;

  • Bereket etrap hassahanasy;

  • Magtymguly etrap hassahanasy;

  • Etrek etrap hassahanasy;

  • Esenguly etrap hassahanasy;

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;

  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

  • Saparmyrat Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Akdepe etrabynyň Andalyp şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;

  • Dänew etrap hassahanasy;

  • Kerki etrap hassahanasy;

  • Köýtendag etrap hassahanasy;

Mary welaýaty

  • Mary şäher 2-nji saglyk öýi;

  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;

  • Baýramaly şäher saglyk öýi;

  • Ýolöten etrap hassahanasy;

  • Sakarçäge etrap hassahanasy;

  • Tagtabazar etrap hassahanasy;

  • Mary etrap hassahanasy;

  • Wekilbazar etrap hassahanasy;

  • Murgap etrap hassahanasy;

  • Türkmengala etrap hassahanasy;

  • Garagum etrap hassahanasy;

   RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., Oguz han köçesi, 13. Tel.: 49-48-07, 49-48-04

Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., Oguz han köçesi, 13. Tel.: 49-48-07, 49-48-04

Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., Oguz han köçesi, 13. Tel.: 49-48-07, 49-48-04

Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., Oguz han köçesi, 13. Tel.: 49-48-07, 49-48-04

Ahal welaýaty (Aşgabat şäheri, 80012)

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., Oguz han köçesi, 13. Tel.: 49-48-07, 49-48-04

Aşgabat şäheri (80012)

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., Oguz han köçesi, 13. Tel.: 49-48-07, 49-48-04


Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2024-nji ýylyň 15-nji iýul-19-njy awgust aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Egzameniň geçiriljek ýeri: Aşgabat şäheri, Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Jeyhun 14 Jul, 2021
Ahal welaýatynda haysy mekdebe tabşyrmalyka dokumenti