Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi

Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

AMAN KEKILOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Býujet esasynda:

1. Başlangyç synplarda okatmak.

2. Mekdebe çenli bilim we terbiýe.

II. Tölegli esasda:

1. Başlangyç synplarda okatmak.

Mugallymçylyk mekdebine Aşgabat şäherinde, Ahal welaýatynda, şeýle-de Balkan welaýatynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde (Aşgabat şäheri we Balkan welaýaty üçin) we Ahal welaýatynyň merkezinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

  • Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 10-11-i, 13-14-i we 16-17-si günlerinde Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde (Aşgabat şäheri) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Görogly köçesi, 124, tel.: 90-62-04.


SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 6-njy saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 12-nji saglyk öýiniň Büzmeýin şahamçasy; 

  • Aşgabat şäher 16-njy saglyk öýi; 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;

  • Ak bugdaý etrap hassahanasy;

  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;

  • Kaka etrap hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;

  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;

  • Hazar şäher hassahanasy;

  • Gumdag şäher hassahanasy;

  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Gyzylarbat etrap hassahanasy;

  • Bereket etrap hassahanasy;

  • Magtymguly etrap hassahanasy;

  • Etrek etrap hassahanasy;

  • Esenguly etrap hassahanasy;

  RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)

Balkanabat şäheriniň 6-njy orta mekdebi, salgysy: Balkanabat ş. 5-nji kiçi ýaşaýyş jaý toplumy, tel: 4-00-62, 4-00-63, 4-26-24

Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)

45 mekdepHazar köçesi

Aşgabat şäheri (80012)

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi, Görogly köçesi, 124, telefon: 90-62-04.


Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2023-nji ýylyň 17-30-njy  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Egzameniň geçiriljek ýeri: Aşgabat şäheri, Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Admin 15 Jul, 2021
Soraglara jogap berilmegi hem-de has giňişleýin maglumatlar üçin Play marketdan Kitaphana programma 5 ýyldyz goýmagy we Kitaphana programmany Imo arkaly istoriýaňyzda dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Häzirki wagtda programmany we websaýty ulanýan gaty az, Sorag berýän hem şo bir adamlar, Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.
E 14 Jul, 2021
Aman kekilowa resmi iş kagyzlaryny nira tabsyrmalyka?
gosabay full 13 Jul, 2021
okuw tolegi naceka
Admin 12 Jul, 2021
@Shakir Başlangyç synplarda okatmak hünäri: Başlangyç synplar hem-de 5-6 synplary okatmak hukygy berilýär. Mekdebe çenli bilim we terbiýe: Sadiklarda terbiýeçi bolup işlemäge hukuk berýär.
Shakir 12 Jul, 2021
Dine bashlangych synplarda okatmakmy? 5-6-njy synplarda okatmak hukugy berilmeyarmi?
Aman 11 Jul, 2021
Maglumatlarnyz ucin kop kop sag bolun ahli talyplara ustinlik arzuw etyarin