Türkmen oba hojalyk instituty (Daşoguz welaýaty)

Türkmen oba hojalyk instituty (Daşoguz welaýaty)

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda): 

  1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa; tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy; ýyladyşhana hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: ýyladyşhana hojalygy; agrohimiýa we topragy öwreniş; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek).
  2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar lukmançylygy).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar)). Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.
  2. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda)).
  3. Oba, tokaý we balyk hojalygy (taýýarlygyň ugurlary: agroinženerçilik; gidrotehniki desgalar).
  4. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: ýer gurluşygy we kadastrlar).
  5. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda)).
  6. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda); sanly dolandyryş (oba hojalygynda)).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Daşoguz şäheri) we Lebap, Mary welaýatlarynyň merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Lebap welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;
  • Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa; ýyladyşhana hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; agrohimiýa we topragy öwreniş; weterinar lukmançylygy — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; taýýarlygyň ugurlary: agroinženerçilik; gidrotehniki desgalar — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda); sanly dolandyryş (oba hojalygynda) — biologiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar); maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda); ýer gurluşygy we kadastrlar; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

  • soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünäre ýa-da taýýarlygyň ugruna hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;
  • “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94, tel.: 9-33-92, 9-40-68, 9-27-47.


SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;
  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;
  • Kaka etrap hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

 

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;
  • Hazar şäher hassahanasy;
  • Gumdag şäher hassahanasy;
  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;
  • Serdar etrap hassahanasy;
  • Bereket etrap hassahanasy;
  • Magtymguly etrap hassahanasy;
  • Etrek etrap hassahanasy;
  • Esenguly etrap hassahanasy;

 

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;
  • Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

 

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;
  • Kerki etrap hassahanasy;
  • Dänew etrap hassahanasy;

 

Mary welaýaty

  • Mary şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Ýolöten etrap hassahanasy;
  • Sakarçäge etrap hassahanasy;
  • Tagtabazar etrap hassahanasy;
  • Mary etrap hassahanasy;
  • Wekilbazar etrap hassahanasy;
  • Murgap etrap hassahanasy;
  • Türkmengala etrap hassahanasy;
  • Garagum etrap hassahanasy;

   RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)

Türkmen oba hojalyk instituty, Ruhnama köçesi, 94,  telefon: 5-26-39

Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mek­de­bi, Dostluk şäherçesi, Zelili köçesi1, telefon: 9-87-71, 9-89-56  

Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)

№15 mekdep, Galkynyş köçesi1, telefon: 7-73-64, 7-73-65

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ GIRIŞ SYNAGLARYNYŇ AŞGABAT ŞÄHERI WE WELAÝATLAR BOÝUNÇA GEÇIŞ TERTIBI

Daşoguz welaýaty

Türkmen oba hojalyk instituty (5-8-njy awgust)

Lebap welaýaty

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi (27-29-njy iýul)  

Mary welaýaty

Mary şäheriniň 23-nji orta mekdebi (31-nji iýul – 3-nji awgust)

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Admin 15 Jul, 2021
Soraglara jogap berilmegi hem-de has giňişleýin maglumatlar üçin Play marketdan Kitaphana programma 5 ýyldyz goýmagy we Kitaphana programmany Imo arkaly istoriýaňyzda dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Häzirki wagtda programmany we websaýty ulanýan gaty az, Sorag berýän hem şo bir adamlar, Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.
Gulsen 14 Jul, 2021
Bolya kop kop sag bolun
Admin 14 Jul, 2021
@Gulsen maglumat tapsak hökman goýlar.
Gulsen 14 Jul, 2021
Instituta tabsyran okuwcy sanyny gorkezmeyanizmi
Admin 14 Jul, 2021
@Agamyrat ýokarda ýazylgy "Mary welaýaty: №15 mekdep" diýip, Näçe adam resminama tabşyrandygy barada maglumat tapsak hökman goýars.
Agamyrat 14 Jul, 2021
Nace adam resminama tabsyrdy maglumat berayin
Agamyrat 14 Jul, 2021
Resminamalary mary welayatynyn nacinji mekdebine tabsyrmaly
Admin 12 Jul, 2021
@Agamyrat Býutjet bolanda stipendiýaly bolýar.
Agamyrat 11 Jul, 2021
Byujet nme
Alyosh 17 Jun, 2021
Balkan welayatyndan baryp tabsyryp bolyamyka.