Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
TÜRKMENISTANYŇ INŽENER-TEHNIKI WE ULAG KOMMUNIKASIÝALARY INSTITUTY
2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Hünärmen maksatnamasy:
II. Bakalawr maksatnamasy:
Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Taýýarlygyň aeronawigasiýa we awiasion hem-de raketa-kosmiki tehnikalaryny ulanmak ugruna okuwa girýänler uçujy-dispetçer we inžener-tehnik wezipelerinde işleýänler üçin niýetlenen Gollanmanyň düzgünlerine laýyklykda lukmançylyk barlagyndan geçýärler.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Dalaşgär bäsleşiksiz okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünär: landşaft dizaýny — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
beýleki taýýarlygyň ugurlary (hünärler) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesi, 51, tel.: 39-26-47, 39-26-48, 39-26-57.
SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:
(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)
Aşgabat şäheri
Ahal welaýaty
Balkan welaýaty
Daşoguz welaýaty
Lebap welaýaty
Mary welaýaty
RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:
Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)
№15 mekdep, Gurbansoltan eje şaýoly, tel.: 7-91-86
Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)
№28 mekdep, Nowruz şäherçesi, 18/1-nji jaý, telefon: 2-66-92
Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)
№2 mekdep, 3-nji kiçi etrapçasy, telefon: 1-38-91
Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)
№1 mekdep, Ata-Köpek Mergen köçesi, 29, telefon: 7-35-80, 7-09-35
Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)
№1 mekdep, Keýmir kör köçesi, 1, telefon: 3-62-14
Aşgabat şäheri (80012)
Türkmenistanyň Inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesi, 51, telefon: 33–52–33, 39–26–47, 39–26–48.
Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji iýuly aralygynda (dynç günsiz) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ GIRIŞ SYNAGLARYNYŇ AŞGABAT ŞÄHERI WE WELAÝATLAR BOÝUNÇA GEÇIŞ TERTIBI
Balkan welaýaty
Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebi (15-17-nji awgust)
Daşoguz welaýaty
Daşoguz şäheriniň 7-nji orta mekdebi (19-21-nji awgust)
Lebap welaýaty
Türkmenabat şäheriniň 29-njy orta mekdebi (1-3-nji awgust)
Mary welaýaty
Mary şäheriniň 25-njy orta mekdebi (27-30-njy iýul)
Ahal welaýaty
Gämi obasyndaky 28-nji orta mekdebi (5-8-nji awgust)
Aşgabat şäheri
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty (10-13-nji awgust)