Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTY
2023/2024-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
I. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):
1. Sahna sungatlary we edebi döredijilik (taýýarlygyň ugurlary: aktýorçylyk sungaty (drama we kino aktýory); aktýorçylyk sungaty (gurjak teatrynyň aktýory); drama režissurasy; horeografiýa sungaty (folklor toparyny döretmek we dolandyrmak); horeografiýa sungaty (milli tans toparyny döretmek we dolandyrmak).
II. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):
1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugurlary: telewideniýe (teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak); kitaphana işi; telewideniýe (operatorçylyk işi we montažyň režissurasy); kitaphana-maglumat işleri; telewideniýe žurnalistikasy).
2. Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar (taýýarlygyň ugurlary: muzeýi öweniş hem-de medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak; medeniýeti öwreniş; art-menejment).
3. Sahna sungatlary we edebi döredijilik (taýýarlygyň ugry: çeper höwesjeňleriň aýdym-saz toparyny döretmek we dolandyrmak).
4. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (taýýarlygyň ugry: dikeldiş işleri).
5. Ekran sungatlary (taýýarlygyň ugurlary: ses režissurasy; yşyklandyryş tehnologiýalary; kino režissurasy).
6. Taryh we arheologiýa (taýýarlygyň ugurlary: arheologiýa; resminama we arhiw öwreniş).
7. Serwis we syýahatçylyk (taýýarlygyň ugurlary: myhmanhana işi; syýahatçylyk).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary institutda (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakynda resminamanyň (diplomyň) tassyklanan göçürmesi;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
taýýarlygyň ugurlary: aktýorçylyk sungaty (drama we kino aktýory); aktýorçylyk sungaty (gurjak teatrynyň aktýory); drama režissurasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (sahnada hereket üsti bilen işlemek we öz pikiriňi ýazuw üsti bilen beýan etmek), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: telewideniýe (teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak); telewideniýe (operatorçylyk işi we montažyň režissurasy); telewideniýe žurnalistikasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (ýatdan, görkezmek arkaly), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: horeografiýa sungaty (folklor toparyny döretmek we dolandyrmak; horeografiýa sungaty (milli tans toparyny döretmek we dolandyrmak), çeper höwesjeňleriň aýdym-saz toparyny döretmek we dolandyrmak — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugry: ses režissurasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (akustika, saz ugrundan ukyby), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugry: yşyklandyryş tehnologiýalary — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (fizikanyň we optikanyň kanuny, teatr we kino boýunça umumy düşünje), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugry: kino režissurasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: medeniýeti öwreniş; dikeldiş işleri; arheologiýa; muzeýi öwreniş hem-de medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak; resminama we arhiw öwreniş; kitaphana işi; kitaphana-maglumat işleri; myhmanhana işi; syýahatçylyk; art-menejment — jemgyýeti öwreniş; türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114, tel.: 48-28-60.
SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:
(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)
Aşgabat şäheri
Ahal welaýaty
Balkan welaýaty
Daşoguz welaýaty
Lebap welaýaty
Mary welaýaty
RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:
Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)
Türkmen döwlet medeniýet instituty, 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114, telefon: 48-28-60.
Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)
Türkmen döwlet medeniýet instituty, 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114, telefon: 48-28-60.
Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)
Türkmen döwlet medeniýet instituty, 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114, telefon: 48-28-60.
Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)
Türkmen döwlet medeniýet instituty, 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114, telefon: 48-28-60.
Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)
Türkmen döwlet medeniýet instituty, 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114, telefon: 48-28-60.
Aşgabat şäheri (80012)
Türkmen döwlet medeniýet instituty, 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114, telefon: 48-28-60.
Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2023-nji ýylyň 17-30-njy iýuly aralygynda (dynç günsiz) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.
Egzameniň geçiriljek ýeri: Aşgabat şäheri, Türkmen döwlet medeniýet instituty