Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET MUGALLYMÇYLYK INSTITUTY

2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (hünärler: fizika we informatika; başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe; zähmet we tehnologiýalaryň esaslary).

II. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe; ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa).

III. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (hünärler: matematika we informatika; himiýa; biologiýa; geografiýa; taryh; türkmen dili we edebiýaty; daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty); daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); bedenterbiýe).

IV. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Sosiologiya we durmuş işi (taýýarlygyň ugry: durmuş işi).

Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda) 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Türkmenabat ş.) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

·      Mary welaýaty — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-i we 6-sy günleri;

·      Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 4-i we 7-si günleri;

·      Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýynyň 2-si, 5-i we 8-i günleri;

·      Balkan welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 10-y we 11-i günleri;

·      Ahal welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;

·      Lebap welaýaty — awgust aýynyň 13-14-15-i, 16-17-si we 18-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

Hünärler we taýýarlygyň ugurlary:

hünär: matematika we informatika — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: fizika we informatika — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: himiýa — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: biologiýa — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: geografiýa — geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: taryh — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe; taýýarlygyň ugurlary: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy (bakalawr); mekdebe çenli bilim we terbiýe (bakalawr) — türkmen dili we edebiýaty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: türkmen dili we edebiýaty — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty) — rus dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty) — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty) — saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: zähmet we tehnologiýalaryň esaslary — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: bedenterbiýe — umumy fiziki taýýarlygyň tassyklanan möçbernamasyny ýerine ýetirmek, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: durmuş işi; ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa) — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— mugallymçylyk mekdeplerini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;

— orta sport mekdebini tamamlan ýokary derejeli türgenler (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

— 2021 — 2025-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

— 2021 — 2025-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy: Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7, tel.: 3-25-50, 3-04-18.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Guljahan 17 Jul, 2021
Salam. Dokument kabul edilshik dowri Gurbanlykdada ishleyarmika? 25- nji iyulam giryarmi shona?
Admin 15 Jul, 2021
Soraglara jogap berilmegi hem-de has giňişleýin maglumatlar üçin Play marketdan Kitaphana programma 5 ýyldyz goýmagy we Kitaphana programmany Imo arkaly istoriýaňyzda dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Häzirki wagtda programmany we websaýty ulanýan gaty az, Sorag berýän hem şo bir adamlar, Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.
Admin 15 Jul, 2021
@Mahriban 1-nji gezek eşdýän beýle zat, gerek däl.
Mahriban 15 Jul, 2021
Salam. Nikada durmadygyn hakda kepilnama gerek dp her kim alya yone yokarda yazylanlarda gorkezilmandir. Öň beyle zat yokdy sho kepilnama gerekmika ya gerekdalmika
Admin 14 Jul, 2021
@Ýyldyz Baýramova , @Аймырат Maglumat tapsam şu ýerde hökman goýarn.
Аймырат 14 Jul, 2021
Хер велаятдан наче саны талып алмалы? Саныны билип бераин.
Ýyldyz Baýramova 13 Jul, 2021
Näme üçin kabul edilmeli talyplaryn sanyny ýazmadyñyz?
Admin 12 Jul, 2021
@Jeren Dänew etrap hassahanasyndan geçmeli
Admin 12 Jul, 2021
@Baltayewa @Atajan ýokarda dokument nirä tabşylýany ýazylgy, Bäsleşiklerde alan diplom medallar kömek etyär
Muhammet 12 Jul, 2021
Ähli berlen maglumatlar üçin köp sag boluň bu ýylky girish synaglarynda ähliňize üstinlik arzuw edyarin.
Atajan 11 Jul, 2021
Dokument nire tapşyrmaly?
Kakamyrat 11 Jul, 2021
Dasoguz welayatynyn niresinde bolyarka
Baltayewa 11 Jul, 2021
Salam gowumysynyz?Dokument nira tabshyrmaly?Baslesiklerde alan diplom medallar komek etyami shu sapaga degisli bolsa aydayyn hayys!
Jeren 11 Jul, 2021
Danew etraby haysy lukmançylyk edarasyndan geçmeli?
aysenem 11 Jul, 2021
türkmenabat şäheri haýsy lukmançylyk merkezinden geçmeli?
Dowlet eresow 10 Jul, 2021
Haysy lukmancylyk edarasyndan gecmeli carjew etrap 1,2,3,4,5lerin haysysyndan
Materowa 08 Jul, 2021
Mekdebe cenli bilim we terbiye ugrundan okasan diplomda name diyip yazylyarka we onunam ugurlary barmyka meselem:inlis dili,ya rus dili
mekan 11 Apr, 2021
hytay dili hunari byunca diplomda nahili berilyaka? dine hytay dili we edebiýatymy ýa-da iňlis dilli katmak hukugynam goşýalamyka? Bilesim gelýani diplomda ýazyljak hunar hakynda/ Köp sagblun!