Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY

2023/2024-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

I. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (iňlis dili); pedagogika bilimi (nemes we iňlis dilleri); pedagogika bilimi (fransuz we iňlis dilleri); pedagogika bilimi (rus dili we edebiýaty).

II. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (iňlis dili); pedagogika bilimi (nemes we iňlis dilleri); pedagogika bilimi (fransuz we iňlis dilleri); pedagogika bilimi (rus dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (ispan we iňlis dilleri); pedagogika bilimi (italýan we iňlis dilleri); pedagogika bilimi (arap dili, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (pars dili, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (türk dili, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (hytaý dili, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (ýapon dili, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (koreý dili, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (hindi dili, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (türkmen dili we edebiýaty).

2. Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (taýýarlygyň ugurlary: terjime we terjimeçilik işi (iňlis dili); terjime we terjimeçilik işi (rus dili).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 3-i we 4-i günleri;

  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;

  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 9-10-y, 11-i we 12-si günleri;

  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 13-14-i, 15-i we 16-sy günleri;

  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 17-18-i, 19-y we 20-si günleri;

  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 21-i, 22-si we 23-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (nemes we iňlis dilleri; fransuz we iňlis dilleri; arap dili, türkmen dili we edebiýaty; pars dili, türkmen dili we edebiýaty; hytaý dili, türkmen dili we edebiýaty) — saýlap alan ugrunyň dili ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (iňlis dili; ispan we iňlis dilleri; italýan we iňlis dilleri; ýapon dili, türkmen dili we edebiýaty; koreý dili, türkmen dili we edebiýaty; türk dili, türkmen dili we edebiýaty; hindi dili, türkmen dili we edebiýaty); terjime we terjimeçilik işi (iňlis dili) — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: pedagogika bilimi (türkmen dili we edebiýaty) — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (rus dili we edebiýaty); terjime we terjimeçilik işi (rus dili) — rus dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Aba Annaýew köçesi, 47, tel.: 34-67-17.

 

SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 6-njy saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 12-nji saglyk öýiniň Büzmeýin şahamçasy; 

  • Aşgabat şäher 16-njy saglyk öýi; 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;

  • Ak bugdaý etrap hassahanasy;

  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;

  • Kaka etrap hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;

  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;

  • Hazar şäher hassahanasy;

  • Gumdag şäher hassahanasy;

  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Gyzylarbat etrap hassahanasy;

  • Bereket etrap hassahanasy;

  • Magtymguly etrap hassahanasy;

  • Etrek etrap hassahanasy;

  • Esenguly etrap hassahanasy;

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;

  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

  • Saparmyrat Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Akdepe etrabynyň Andalyp şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;

  • Dänew etrap hassahanasy;

  • Kerki etrap hassahanasy;

  • Köýtendag etrap hassahanasy;

Mary welaýaty

  • Mary şäher 2-nji saglyk öýi;

  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;

  • Baýramaly şäher saglyk öýi;

  • Ýolöten etrap hassahanasy;

  • Sakarçäge etrap hassahanasy;

  • Tagtabazar etrap hassahanasy;

  • Mary etrap hassahanasy;

  • Wekilbazar etrap hassahanasy;

  • Murgap etrap hassahanasy;

  • Türkmengala etrap hassahanasy;

  • Garagum etrap hassahanasy;

   RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)

№23 mekdep

Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)

№25 mekdepGörogly köçesi, jaý 1/3, telefon: 2-67-68

Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)

2 mekdep3-nji kiçi etrapçasy,   telefon: 1-38-91

Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)

19 mekdep, Galkynyş köç, 67, telefon: 6-51-82,  6-51-83

Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)

27 mekdepAzatlyk köçesi, 36, telefon: 4-52-95

Aşgabat şäheri (80012)

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Aba Annaýew köçesi, 47, telefon: 34-67-17.

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2023-nji ýylyň 17-30-njy  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Egzameniň geçiriljek ýeri: Aşgabat şäheri, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty


Instituta jemi kabul edilmeli talyp sany:

 

Hünärmenleri tayýarlamagugry we hünärleri

2023-nji ýyl üçin meýilnama

Şol sanda:

AH

BN

DZ

LB

MR

AG

 

Hemmesi

 

213

106

177

167

176

 

I. Býutjet(Stipendiýaly) esasda BAKALAWR taýýarlamak:

 

Hemmesi

 

47

34

55

44

49

 

1

Pedagogika bilimi (Iňlis dili)

 

30

15

31

19

21

 

3

Pedagogika bilimi (Nemes we iňlis dilleri)

 

2

1

2

2

2

 

4

Pedagogika bilimi (Fransuz we iňlis  dilleri)

 

1

0

1

1

1

 

7

Pedagogika bilimi (Rus dili we edebiýaty)

 

14

18

21

22

25

 

II. Tölegli esasda  BAKALAWR taýýarlamak:

 

Hemmesi

 

166

72

122

123

127

 

1

Pedagogika bilimi (Iňlis dili)

 

58

30

40

52

53

 

2

Terjime we terjimeçilik işi (Iňlis dili)

 

2

1

2

2

1

 

3

Pedagogika bilimi (Nemes we iňlis dilleri)

 

8

1

4

2

4

 

4

Pedagogika bilimi (Fransuz we iňlis  dilleri)

 

4

3

5

4

6

 

5

Pedagogika bilimi (Ispan we iňlis  dilleri )

 

2

1

1

2

1

 

6

Pedagogika bilimi (Italýan we iňlis  dilleri)

 

1

1

2

2

2

 

7

Pedagogika bilimi (Rus dili we edebiýaty)

 

50

7

32

25

34

 

8

Terjime we terjimeçilik işi (Rus dili)

 

2

1

2

2

1

 

9

Pedagogika bilimi (Arap dili, türkmen dili we edebiýaty)

 

3

1

2

1

1

 

10

Pedagogika bilimi (Pars dili, türkmen dili we edebiýaty)

 

2

1

1

2

1

 

11

Pedagogika bilimi (Türk dili, türkmen dili we edebiýaty)

 

2

1

1

2

2

 

12

Pedagogika bilimi (Hytaý dili, türkmen dili we edebiýaty)

 

5

3

3

2

2

 

13

Pedagogika bilimi (Ýapon dili, türkmen dili we edebiýaty)

 

6

4

6

5

5

 

14

Pedagogika bilimi (Koreý dili, türkmen dili we edebiýaty)

 

5

2

3

3

3

 

15

Pedagogika bilimi (Hindi dili, türkmen dili we edebiýaty)

 

1

2

1

2

1

 

16

Pedagogika bilimi (Türkmen dili we edebiýaty)

 

15

13

17

15

10

 







































































Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Ay 18 Feb, 2022
Inlis dilla girsen 2 nji kursda dasary yurt dilli girizilya olam rus dilli girizilya
Admin 15 Jul, 2021
Soraglara jogap berilmegi hem-de has giňişleýin maglumatlar üçin Play marketdan Kitaphana programma 5 ýyldyz goýmagy we Kitaphana programmany Imo arkaly istoriýaňyzda dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Häzirki wagtda programmany we websaýty ulanýan gaty az, Sorag berýän hem şo bir adamlar, Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.
Admin 15 Jul, 2021
@serdar dokument tabşyraňda eliňe list berýäler, şonda ýazylýar.
serdar 15 Jul, 2021
Egzamen dokument tabsyran yerinde bolyarmy
Admin 15 Jul, 2021
@Şatlyk howa gerek
Şatlyk 15 Jul, 2021
Harby gulluga gitmedik bolsaň harby wekillikden hat gerekmi
Serdar 15 Jul, 2021
Egzamenler nirde bolyarka
Admin 15 Jul, 2021
@Гульзада Maglumat alyp bilsek hökman goýlar.
Гульзада 15 Jul, 2021
Nace adamyn tabsyranyny bizinkide hacan gorup bolyaka
Shasenem 14 Jul, 2021
Inlis dilinden dashary dil saylananda 2 nji kursda saylanyamyka?
Suleyman 12 Jul, 2021
Italian dili we inlis dilleri fakulteti toleglimi(kontract)
Arzuw 12 Jul, 2021
Saglygy goraýyş barlaglaryny geçilmeli hassahanalara öten ýylky yaly etraplar bölünenmika?
Admin 12 Jul, 2021
@dowlet hemmesi tölegli däl, býutjet esasynda diýip ýazylgy hünärler stipendiýaly
dowlet 12 Jul, 2021
Hemme ugurlar tolegli esasyndamyka?
Ayjeren 12 Jul, 2021
@rahmanTach bizem dusunemzok sona on inlis dili okatmagyn usulyyeti diyip gityadi pedagogiki bilim dalde
RahmanTach 11 Jul, 2021
Pedagogiki bilim bolanda name bolyaka Bakalawr bolanda nace yyl okalya Institutda biram Bakalawr bolanda name bolya dusunemokda sona
Gozel 10 Jul, 2021
atistat häsiyetnamaň kopiyasy we pasport kopiya hem gerek eken
Suleyman 25 Apr, 2021
Sen gecdinmi @Han
Han 11 Jul, 2020
8 däl 12 surat gerek eken, ýaşaýan ýeriňden sprawka gerek eken, işlemeýänligiň barada sprawka gerek eken, ene ataň pasport nusgasy gerek eken