S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETI

2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; tokaý we seýilbag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak); ösümlik ýagyny öndürmek).

2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar lukmançylygy).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: ösümlikleri goramak; miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi; agrohimiýa we agrotopragy öwreniş).

2. Dokma we ýeňil senagatyň tehnologiýalary (hünärler: mata önümçiligi; tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek).

3. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (hünär: ýer gurluşygy we kadastrlar).

III. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlygyň ugurlary: zootehniýa; senagat balykçylygy; kinologiýa).

IV. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda).

2. Oba, tokaý we balyk hojalygy (taýýarlygyň ugurlary: ýyladyşhana hojalygy; agroekologiýa).

3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda).

4. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda).

Uniwersitete umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri.) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

·           Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günleri;

·           Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 3-i we 5-i günleri;

·           Mary welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 6-sy we 7-si günleri;

·           Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 7-si we 8-i günleri;

·           Balkan welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 8-i we 9-y günleri;

·           Ahal welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 11-i we 12-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; agrohimiýa we agrotopragy öwreniş; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; ösümlikleri goramak; tokaý we seýilbag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; weterinar lukmançylygy; taýýarlygyň ugurlary: ýyladyşhana hojalygy; agroekologiýa; zootehniýa; senagat balykçylygy; kinologiýa — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: gidromeliorasiýa; ýer gurluşygy we kadastrlar; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak); taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda), maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi; ösümlik ýagyny öndürmek; mata önümçiligi; tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek — fizika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeleri gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere ýa-da taýýarlygyň ugurlaryna hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009-njy (Görogly) köçe, 143, tel.: 34-27-46, 34-07-77, 34-25-64.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Admin 26 Jul, 2023
@Emir Shugun Änewdäki 1-nji mekdebi gördim maglumat ýok eken, maglumat goýuldygy hökman bärik goýarn
Emir 26 Jul, 2023
Salam admin ahal welayatynyň sanynam yazayyň hayşt
Admin 16 Jul, 2023
@Oguljan howa atestady alyp okuwa tabşyryp bolýa
@Oguljan 16 Jul, 2023
Tehnikumy tamamlan talyplaram tazeden okuwa tabsyrsa bolyarmy
Admin 15 Jul, 2021
Soraglara jogap berilmegi hem-de has giňişleýin maglumatlar üçin Play marketdan Kitaphana programma 5 ýyldyz goýmagy we Kitaphana programmany Imo arkaly istoriýaňyzda dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Häzirki wagtda programmany we websaýty ulanýan gaty az, Sorag berýän hem şo bir adamlar, Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.
Admin 15 Jul, 2021
@Nury, mekdebi bakalawra tabşyryp bolýa, hünärmenede tabşyryp bolýa
Nury 15 Jul, 2021
(Ýene ýekeje sorag): Onda, mekdebi tamamlap, uniwersitete girjek bolýan dalaşgärlere hemme fakultetem bakalawr bolup gidýärdä?
Nury 15 Jul, 2021
Köp sag boluň, admin!Taňryýalkasyn
tawus 14 Jul, 2021
Iş bilen upjin etmek mumkinciligi barmy
Admin 14 Jul, 2021
@Nury magistri mekdebi tamamlap girip bolonok, mekdebi tamamlap diňe bakalawr girip bolýa, bakalawry tamamlaňsoň eger islegiň bar bolsa magistr ugra girip bilýäň, ýagny magistr tamamlasaň bakalawrdan uly derejede bolýa
Admin 14 Jul, 2021
@Enesh, @a91970052 Maglumat tapsak hökman goýýas.
a91970052 14 Jul, 2021
okuwa nace adymyn kabul edilyandigini goyayyn
Enesh 13 Jul, 2021
haysy ugura welayat shaher nace adam tawshyranynyn maglumadynam goyayyn kyn gormeseniz
Nury 13 Jul, 2021
Salam, admin. Bakalawr bilen magistriň nähili tapawudy bar?Ikisine-de düşündiriş beräýseňiz?
Admin 12 Jul, 2021
@Mahri hemmesi tölegli däl, býutjet esasynda diýip ýazylgy hünärler stipendiýaly
Mahri 11 Jul, 2021
Hemmesi toleglimi
Enejan 11 Jul, 2021
Resmi kagyzlary Mary welayatynyn haysy mekdebinde tabsyrylyar
aaa 11 Jul, 2021
egzaminleri haýsy mekdepde tabşyrmaly
aaa 11 Jul, 2021
kop kop sagboluň admin
Aknur 10 Jul, 2021
salam bakalawr näme bolýa