Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETI

2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Kliniki lukmançylyk (hünärler: pediatriýa; stomatologiýa).

2. Saglyk baradaky ylymlar we keselleriň öňüni alyş lukmançylygy (hünärler: saglygy goraýyş-öňüni alyş işi; dikeldiş we sport lukmançylygy).

3. Harby lukmançylyk (hünär: bejeriş-öňüni alyş işi).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Kliniki lukmançylyk (hünär: bejeriş işi).

2. Farmasiýa (hünär: farmasiýa).

Uniwersitete umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary, harby lukmançylyk ugruna — çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlary ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, 25 ýaşy dolýança erkek raýatlary, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk, 24 ýaşy dolýança erkek harby gullukçylary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgär ýokarda görkezilen resmi iş kagyzlaryndan başga-da:

— ene-atasynyň oglunyň harby gullukçy bolmagyna we ýokary okuw mekdebini tamamlanyndan soň Türkmenistanyň islendik künjeginde harby gullugy geçmekligine razylygy baradaky dil hatyny;

— Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden berlen güwänamany;

— Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünden berlen ýokary harby okuw mekdeplerine girýänleriň lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasyny tabşyrýar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünde gutarnykly güwä geçmesinden geçmek üçin hemişelik ýaşaýan ýerindäki psihonewrologiýa, narkologiýa, inçekesele garşy we deri-wenerologiýa hassahanalaryndan, şeýle hem maşgala lukmanyndan sagaldyş gözegçiliginde durmaýandygy baradaky kepilnamalar zerur.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa kabul etmekligiň şertleri baradaky goşmaça maglumaty Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat ş.) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

·         Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;

·         Balkan welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 4-i we 5-i günleri;

·         Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 6-7-si, 8-i we 9-y günleri;

·         Lebap welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri;

·         Mary welaýaty — awgust aýynyň 14-15-i, 16-sy we 17-si günleri;

·         Ahal welaýaty awgust aýynyň 18-19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgärler beden taýýarlygy boýunça kadalary (möçbernamalary: 100 m, 3 km ylgamak; göwräňi çekmek) ýerine ýetirýärler.

Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyşdyrylar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— lukmançylyk orta okuw mekdeplerini tamamlan we saglygy goraýyş edaralarynda 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesi, 58, tel.: 92-71-09.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Mekan 14 Jul, 2022
Sagbol admin. Beyle ginisleyin yazylany birinji gezek goryan
Admin 17 Jul, 2021
@Nazik Ýokarda maglumatda "Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär". Ýagny türkmen dilinde geçirilýär diýildigi
Admin 17 Jul, 2021
@Kakajan ýokarda maglumatda ýazylandyr, yzygiderlikde haýsy derslerden bolýany
Kakajan 17 Jul, 2021
Birinji synag haysy dersden boliarka bilip berayinda
Merjen 17 Jul, 2021
Mork nirede geçirilýär?
Nazik 17 Jul, 2021
Salam! Men rus mekdebi gutardym. Synaglar dine turkmen dilinde gecirilyarmika? Soraglara rusca jogap bersem meni diñlemezlermika? Su meselede menin sansym bolarmyka? Ya-da hatda dokumentlerimide tabsyrmagym hajaty yokmuka? Maslahat berayin hayys!
Admin 15 Jul, 2021
Soraglara jogap berilmegi hem-de has giňişleýin maglumatlar üçin Play marketdan Kitaphana programma 5 ýyldyz goýmagy we Kitaphana programmany Imo arkaly istoriýaňyzda dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Häzirki wagtda programmany we websaýty ulanýan gaty az, Sorag berýän hem şo bir adamlar, Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.
Admin 15 Jul, 2021
@tma stipendiýaly 130, tölegli: 126
tma 15 Jul, 2021
Pediateriya nace adam alyarka
Admin 14 Jul, 2021
@* Kliniki lukmaçylyk fakultetiniñ stamatalogiýa hünärine Mary welaýatyndan: 5 adam (Tölegli)
* 14 Jul, 2021
Kliniki lukmaçylyk fakultetiniñ stamatalogiýa hünärine Mary welaýatyndan näçe adam kabul edýärkä
Admin 14 Jul, 2021
@Aygul ýokarda ol maglumatlar goýuldy, näçe adam dokument tabşyrany hem goýuldy
Kyabe 14 Jul, 2021
Balkandan lukmancylyga tabsyryan barmy
mahym 14 Jul, 2021
sagbolun kop kop
Aygul 14 Jul, 2021
Jemi bir fakultete welayatdan nace adam alyarlar ol maglumatlary bilenizokmy?
Resul 12 Jul, 2021
Dynç günleri we gurban bayramynda dokument Kabul edýärler arkaýyn boluň!!!
Abdulla 11 Jul, 2021
Dokumentler nira we nirde ekzamen tabsyrmaly?
Gozel 11 Jul, 2021
Giris egzaminlar yenede welayatlarda gecirilermika
Meylis 11 Jul, 2021
Sag bolun Allayalkasyn
Gunça 11 Jul, 2021
Maglumatlar un kop sagboluñ