Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).
  2. Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika; astronomiýa).
  3. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
  4. Himiýa (hünär: himiýa).
  5. Ýeri öwreniş ylymlary (hünärler: geografiýa; kartografiýa; meteorologiýa; ekologiýa).
  6. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
  7. Taryh we arheologiýa (hünärler: taryh; arheologiýa).
  8. Filosofiýa, etika we din öwreniş (hünär: filosofiýa).
  9. Ylahyýet (hünär: ylahyýet).
  10. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (hünärler: syýasaty öwreniş; gündogary öwreniş).
  11. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).
  12. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: žurnalistika).
  13. Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).
  2. Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika).
  3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
  4. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
  5. Himiýa (hünär: himiýa).
  6. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
  7. Taryh we arheologiýa (hünär: taryh).
  8. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty, rus dili we edebiýaty).
  9. Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Bilim we pedagogika ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogika bilimi (informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary); pedagogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Balkan welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;
  • Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;
  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;
  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri;
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 17-si we 18-i günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 20-si, 21-i we 22-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: matematika; amaly matematika we informatika; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogika bilimi (informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: fizika; astronomiýa; radiofizika we elektronika — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: biologiýa — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: himiýa — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: geografiýa; ekologiýa — geografiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: kartografiýa; meteorologiýa; taýýarlygyň ugry: pedagogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary) — geografiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: psihologiýa — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: taryh; arheologiýa; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; filosofiýa; ylahyýet — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;
hünärler: türkmen dili we edebiýaty; žurnalistika — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
hünärler: iňlis dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty — saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: italýan dili we edebiýaty — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: rus dili we edebiýaty — rus dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: hukuk öwreniş — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

  • mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar (mugallymçylyk ugurly hünärlere girilen halatynda);
  • hukuk öwreniş hünärine girýänler üçin hukuk goraýjy edaralarda 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri hem-de şol edaralaryň döwlet we welaýat derejesindäkilerinden hödürnamasy bolanlar;
  • “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31, tel.: 94-69-90, 94-54-29.


SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;
  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;
  • Kaka etrap hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

 

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;
  • Hazar şäher hassahanasy;
  • Gumdag şäher hassahanasy;
  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;
  • Serdar etrap hassahanasy;
  • Bereket etrap hassahanasy;
  • Magtymguly etrap hassahanasy;
  • Etrek etrap hassahanasy;
  • Esenguly etrap hassahanasy;

 

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;
  • Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

 

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;
  • Kerki etrap hassahanasy;
  • Dänew etrap hassahanasy;

 

Mary welaýaty

  • Mary şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Ýolöten etrap hassahanasy;
  • Sakarçäge etrap hassahanasy;
  • Tagtabazar etrap hassahanasy;
  • Mary etrap hassahanasy;
  • Wekilbazar etrap hassahanasy;
  • Murgap etrap hassahanasy;
  • Türkmengala etrap hassahanasy;
  • Garagum etrap hassahanasy;

RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)

№15 mekdepGurbansoltan eje şaýoly, tel.: 7-91-86

Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)

№25 mekdepGörogly köçesi, jaý 1/3, telefon: 2-67-68

Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)

32 mekdep, Himik kiçi etrapçasytelefon:9-77-60

Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)

№16 mekdep, Türkmenistan köçesi, 22, telefon: 7-20-28, 7-20-35

Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)

27 mekdepAzatlyk köçesi, 36, telefon: 4-52-95

Aşgabat şäheri (80012)

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31,

telefon: 94-69-90, 94-54-29.

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.


ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ GIRIŞ SYNAGLARYNYŇ AŞGABAT ŞÄHERI WE WELAÝATLAR BOÝUNÇA GEÇIŞ TERTIBI

 Balkan welaýaty

Balkanabat şäheriniň 15-nji  orta mekdebi (27-29-njy iýul)

Daşoguz welaýaty

Daşoguz şäheriniň 25-nji orta mekdebi (31-nji iýul – 3-nji awgust)

Lebap welaýaty

Türkmenabat şäheriniň 40-njy orta mekdebi (20-22-nji awgust)

Mary welaýaty

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty (15-18-nji awgust)

Ahal welaýaty 

Änew şäheriniň 27-nji orta mekdebi (10-13-nji awgust)

Aşgabat şäheri

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (5-8-nji awgust)

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Lale 17 Jul, 2021
Ekzamena nahili formada barmalyka
Serdar 17 Jul, 2021
Admin salam magtymgulyñ bakalawyrny (bilim we pedagokigany) okap näme işde işläp bolýarka ???
Gulya 17 Jul, 2021
Admin Matematika we mehanika stipendiýaly kabul edýän talyp sany Balkan welayaty boyunca nace
Admin 17 Jul, 2021
@Şaperi Syýasat ylymlary we sebit öwreniş, diňe stipendiyaly: 23; töleglisi ýok
Admin 17 Jul, 2021
@Yazgul stipendiyaly: 80, tölegli: 45
Yazgul 17 Jul, 2021
Hukuk fakulteti nace sany tölegli nace sany tölegsiz talyp kabul edyar?
Şaperi 17 Jul, 2021
Syyasaty owrenise nace stipendiyaly nace tolegli
Lale 16 Jul, 2021
Ekzamenler gecen yylky yaly velayatlarda gecyamika
Admin 15 Jul, 2021
Soraglara jogap berilmegi hem-de has giňişleýin maglumatlar üçin Play marketdan Kitaphana programma 5 ýyldyz goýmagy we Kitaphana programmany Imo arkaly istoriýaňyzda dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Häzirki wagtda programmany we websaýty ulanýan gaty az, Sorag berýän hem şo bir adamlar, Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.
Rüstem 15 Jul, 2021
Salam, admin. Ylahyýet fakultetinde okap nirelerde işläp bolarka?
Admin 15 Jul, 2021
@Gunca Ýeri öwreniş ylymlary hünäri geografiýa fakulteti bolýar
Admin 15 Jul, 2021
@Nowruz, Ýeri öwreniş ylymlary: Stipendiýaly: 61; Tölegli:55
Gunca 14 Jul, 2021
Geografiya fakultetine tolegli nace okuwcy alya aydayyn hayys
Nowruz 14 Jul, 2021
Admin Yeri owrenis ylymlaryna nace adam kabul edyarka
Admin 14 Jul, 2021
@Джемиле, @Ahmedowa himiya fakultete: stipendiýaly: 75, tölegli: 85
Ahmedowa 14 Jul, 2021
Admin himiya töleglä nace talyp alyarka
Джемиле 14 Jul, 2021
himiya fakultete tölegli we stipendiyala naçe okuwçy alyar aydaýyn haýyş
Admin 14 Jul, 2021
@S... Taryh we arheologiýa, stiňendiýaly: 70, Tölegli:60
S... 14 Jul, 2021
Admin taryh fakulteta nacherak talyp tabshyrmaly ?)
Admin 14 Jul, 2021
@N Informatika we hasaplaýyş tehnikasy Stipendiýaly: 25 adam kabul edýär; Tölegli: 35 adam kabul edýär.