DÖWLETMÄMMET
AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY
2022/2023-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
- Daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti.
- Psihologiýa-pedagogika bilimi.
Okuwlar tölegli esasda amala aşyrylýar.
Instituta ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
- ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgasy ýa-da diplomyň tassyklanan göçürmesi (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
- pasportyny;
- harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Söhbetdeşlik we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
- Balkan welaýaty — iýul aýynyň 29-y;
- Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 3-i;
- Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 8-i;
- Ahal welaýaty — awgust aýynyň 13-i;
- Mary welaýaty — awgust aýynyň 18-i;
- Lebap welaýaty — awgust aýynyň 22-si.
Söhbetdeşlik:
taýýarlygyň daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti ugry boýunça iňlis dili dersinden ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda iňlis dilinde;
taýýarlygyň psihologiýa-pedagogika bilimi ugry boýunça häzirki zaman türkmen jemgyýeti dersinden ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda türkmen dilinde geçirilýär.
Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.
Söhbetdeşligiň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Aba Annaýew köçesi, 47, Tel.: 34-67-17.
SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:
(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)
Aşgabat şäheri
- Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi;
- Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi;
- Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi;
Ahal welaýaty
- Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;
- Gökdepe etrap köpugurly hassahana;
- Kaka etrap hassahanasy;
- Tejen şäher hassahanasy;
- Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;
Balkan welaýaty
- Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
- Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
- Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;
- Hazar şäher hassahanasy;
- Gumdag şäher hassahanasy;
- Türkmenbaşy etrap hassahanasy;
- Serdar etrap hassahanasy;
- Bereket etrap hassahanasy;
- Magtymguly etrap hassahanasy;
- Etrek etrap hassahanasy;
- Esenguly etrap hassahanasy;
Daşoguz welaýaty
- Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;
- Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;
- Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;
- Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;
- Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;
Lebap welaýaty
- Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
- Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
- Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi;
- Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi;
- Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;
- Kerki etrap hassahanasy;
- Dänew etrap hassahanasy;
Mary welaýaty
- Mary şäher 1-nji saglyk öýi;
- Mary şäher 3-nji saglyk öýi;
- Ýolöten etrap hassahanasy;
- Sakarçäge etrap hassahanasy;
- Tagtabazar etrap hassahanasy;
- Mary etrap hassahanasy;
- Wekilbazar etrap hassahanasy;
- Murgap etrap hassahanasy;
- Türkmengala etrap hassahanasy;
- Garagum etrap hassahanasy;
Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji iýuly aralygynda (dynç günsiz) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.