S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti(MAGISTRATURA)

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti(MAGISTRATURA)

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETI

2025/2026-njy okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy).

2. Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlygyň ugry: zootehniýa).

Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Uniwersitete magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň ugurlaryna ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synagynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýa-da tassyklanan göçürmeleri (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

• Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat ş.) 2025-nji ýylyň 11-12-nji awgustynda geçirilýär.

Giriş synaglary degişli taýýarlygyň ugurlary boýunça ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda, döwlet dilinde geçirilýär.

Bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Giriş synagynyň netijesi boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009-njy (Görogly) köçe, 143, tel.: 34-27-46, 34-07-77, 34-25-64.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.