Awtor: | - |
Neşirýat: | |
Bölüm: | Soragnama |
Sahypa: | 3 sahypa |
Formaty: | |
Göwrümi: | 0,37 MB |
Çeşme: | Milli Bilim Instituty |
Tags: | Mekdep |
Döwlet umumybilim edaralarynda “Agaç ussasy” hünäri boýunça jemleýji döwlet synaglaryň soragnamalary
1-nji soragnama.
1. Agaç ussaçylygynda ulanylýan agaç serişdeleri. Emeli agaç serişdeleri bolan panar, AST we AYT olaryň häsiýetleri we ulanyş maksatlary.
2. Agaç ýonujy gurallar bolan şerhedel we rende (rubanka), olaryň görnüşleri, aýratynlyklary, işe taýýarlanyşy we ulanylyş maksatlary.
2-nji soragnama
1. Agaçlaryň fiziki-mehaniki häsiýetleri.
2. Agaç kesmek üçin niýetlenen byçgylaryň görnüşleri, görnüşlerine görä ulanyş maksatlary. Dişli kiriş byçgysy, onuň ulanylyş maksady we ulanylyş tilsimleri.
3-nji soragnama
1. Agaçlaryň görnüşleri, görnüşlerine görä ulanyşlary.
2. Neçjar burçlugy, ýerinok, malka, olaryň maksatlary we ulanylyş tilsimleri.
4-nji soragnama
1. Çyzgy, tehniki surat, eskiz, tilsimat karta, olaryň ulanylyş maksatlary.
2. Erňek ölçeg çyzgyjy (reýsmus), ülňi, (şablon), olaryň maksatlary we ulanylyş tilsimleri.
5-nji soragnama
1. Çyzgy çyzyklary, masştab, olaryň ulanylyş maksatlary.
2. Stuslalar, olaryň dürli görnüşleri, olaryň maksatlary we ulanylyş tilsimleri.
6-njy soragnama
1. Fuganlar, ýarymfuganlar, olaryň dürli görnüşliligi, olaryň maksady, işe taýýarlanyşy, ulanylyşy.
2. Isgeneler, paltalar, teşeler, olaryň ulanylyş maksatlary we ulanylyş tilsimleri.
7-nji soragnama
1. Şalaky (koloworot), el dreli. Olaryň gurluşlary, ulanyş maksatlary ulanylyş tilsimleri.
2. Çüýler, hyrly çüýler olaryň ölçegleri. Ýelimler, çekiçler, çüý towlaýjylar.
8-nji soragnama
1. Şpuntubel – joýa gazyjy sürgi. Onuň ulanylyş maksady ulanylyş tilsimi.
2. Boýaglar, pigmentler, olifler, lowurlar we dürli garyndylar. Olaryň ulanylyş maksatlary we ulanylyş tilsimleri.
9-njy soragnama
1. Agaç tokar stanogynyň gurluşy we ulanylyş maksady.
2. Dik (süýümiň ugry boýunça) kesýän byçgy, ony işe taýýarlamagyň (dişleri çaprazlamagyň we ýiteltmegiň) düzgünleri.
10-njy soragnama
1. Zenzubel, falsgobel, olaryň ulanylyş maksatlary.
2. Kese (süýümi kese) kesýän byçgy, ony işe taýýarlamagyň (dişleri çaprazlamagyň we ýiteltmegiň) düzgünleri.
11-nji soragnama
1. Garbaç-aýlaw üsti ýonujy gural, onuň görnüşleri, olaryň maksatlary.
2. Şerhebeli, rendäni, fugany işe taýýarlamaklygyň (kesgiçleri ýiteltmekligiň sazlap berkitmegiň) düzgünleri.
12-nji soragnama
1. Göniburçly garçuwalaryň (ramkalaryň) burçlarynyň birikdirmegiň düzgünleri.
2. Byçgylaryň dişlerini çaprazlaýjy gurallar.
13-nji soragnama
1. Elektrikleşdirilen çüý towlaýjy dreller.
2. Zenzubeli, falsgobeli işe taýýarlamaklygyň (kesgijini ýiteldip sazlap ýerine berkitmegiň) düzgünleri.
14-nji soragnama
1. Elektrikleşdirilen el byçgylary. (IE-5107 kysymly). Olaryň gurluşy, ulanylyş maksady.
2. Isgeneleri, paltalary, teşeleri, agaç tokar stanogynyň kesgiçlerini we dürli burawlary ýiteltmekligiň düzgünleri, tilsimleri.
15-nji soragnama
1. Elektrikleşdirilen el rubankalary (IE-5701A). Olaryň gurluşy, ulanylyş maksady.
2. Çüýler, hyrly çüýler olaryň ölçegleri. Ýelimler, çekiçler, çüý towlaýjylar.
16-njy soragnama
1. Dik (süýümiň ugry boýunça) kesýän byçgy, ony işe taýýarlamagyň (dişleri çaprazlamagyň we ýiteltmegiň) düzgünleri.
2. Taslamany agaç tokar stanogyna berkitmekligiň we kesgije daýanjyň sazlanşynyň düzgünleri.
17-nji soragnama
1. Erik we tut agaçlarynyň aýraryn häsiýetliligi, häsiýetlerine görä olaryň ulanylyşy, peýdalanylyşy.
2. Kese (süýümi kese) kesýän byçgy, ony işe taýýarlamagyň (dişleri çaprazlamagyň we ýiteltmegiň) düzgünleri.
18-nji soragnama
1. Çüý sogryjy gurallar we olaryň ulanylyşy.
2. Isgeneler, olaryň dürli görnüşleri, ulanylyşy.
19-njy soragnama
1. Byçgylaryň dişlerini çaprazlaýjy gurallar.
2. Timarlaýjy gurallar.
20-nji soragnama
1. Taslamany ýonup, esasy 3 iş ýerine ýetirilýär, ol işler haýsy işler we olary ýerine ýetirmek üçin haýsy gurallar ulanylýar?
2. Önümleri daşky täsirlerden goramak we owadan görnüşe getirmek maksatly ulanylýan serişdeleriň atlary, häsiýetleri.
21-nji soragnama
1. Stuslalar, olaryň dürli görnüşleri, olaryň maksatlary we ulanylyş tilsimleri.
2. Haýsy gural bilen taslamanyň ýylmanan üsti tekizlenýär?
22-nji soragnama
1. Haýsy gural bilen taslamada joýa gazylýar?
2. Tehniki surat. Çyzgy, eskiz we tilsimat (tehnologik) kartasy.
23-nji soragnama
1. Haýsy gural bilen taslamanyň erňegi ýonulyp gazylýar, erňek basgançak görnüşe getirilýär?
2. Agaç serişdeleriniň gurluşy, görnüşleri, himiki, fiziki we mehaniki häsiýetleri.
24-nji soragnama
1. Çekiçler, çüý kakmak üçin haýsy çekiç ulanylmaly?
2. Elektrikleşdirilen el byçgylary. (IE-5107 kysymly). Olaryň gurluşy, ulanylyş maksady we ulanylyş tilsimleri.
25-nji soragnama
1. Dik ýa-da kese kesýän byçgylar nähili tapawutlanýar?
2. Aýlaw, egri üstli taslama haýsy gurallar bilen ýonulýar?
Türkmenistanyň Milli bilim instituty.