Köp soralýan soraglar

Köp soralýan soraglar

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Tags: -

Sorag: Resminamalary welaýatlarda haýsy mekdebe tabşyrmaly?

Jogap: Resminamalary tabşyrmaly mekdepleriň, okuw jaýlarynyň sanawy şu salgyda bar


Sorag: Herkim öz welaýatynda egzamen tabşyrýarmy?

Jogap: Ýok, bu ýyl her kim ýokary okuw jaýynyň özinde tabşyrmaly egzameni.

 

Sorag: Dokument tabşyrmak üçin nähili eşikde barsaňam bolýarmy?

Jogap: Howa

 

Sorag: Myrat Garryýew adyndaky lukmançylyk unuwersitetinde harby gulluk barmy?

Jogap: Howa bar

 

Sorag: Nebit gaz institutyna Mary welaýatynda dokument tabşyrlşyk başladymy?

Jogap: Howa başlady

 

Sorag:  Öýlenmedikligi hakynda kepilnama almalymy häkimlikden?

Jogap: Ýok almaly däl

 

Sorag:  не годен bolsada gullugy bar fakultetine girip bolýarmy?

Jogap: Howa girip bolýar

 

Sorag:  Ýokary okuw jaýyna resminama tabşyranyňda 3 arka maglumat gerekmi?

Jogap: Howa gerek

 

Sorag:  Ene ataň aýrylyşan bolsa zyýany yokmyka?

Jogap: Ýok hiç-hili zyýany ýok

 

Sorag:  Salam býujet esasynda bolsa ýyllyk tölegli bolýarmy?

Jogap: Ýok býutjet esasynda bolsa tölegsiz, stependiýaly bolýar

 

Sorag:  Geçen ýyldaky goýuşyňyz ýaly bu ýylam ýokary okuw mekdeplerine näçe adam tabşyrandygy baradaky maglumatlary goýarsyňyzmy?

Jogap: Ýok, maglumat tapsak diňe näçe adam kabul edýändigini goýars

 

Sorag:  Iki ýokary okuw jaýyna birden dokument tabşyryp giriş synaglaryna baryp bolýarmy?

Jogap: Ýok beýle bolmaýar. Diňe egzamenden ýykylan ýagdaýyňda resminamalary 13-nji awgusta çenli kabul edýän tölegli orta hünär mekdeplerine dokument tabşyryp bolýar.

 

Sorag:  Ejeň kakaň nika haty gerekmikä?

Jogap: Ýok

 

Sorag:  Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hünärmen ýa-da bakalawrda býujet(stipendiýaly okuw) barmy ýa-da ýok?

Jogap: Ýok

 

Sorag: Dynç günleri dokument tabşyrsan bolyarmyka?

Jogap: Howa bolýar

 

Sorag: Egzamende soraglar bilet görnüşindemi ýa-da test görnüşinde berilýär?

Jogap: Soraglar bilet görnüşinde berilýär

 

 

Sorag: Dokument tabşyrmak üçin wenkamatdan hat gerekmi

Jogap: Howa gerek

 

Sorag: Döwletmämmet Azady adyndaky dünyä diller inistituty diňe bakalawr maksatlymy ýa-da 2 ugur ýagny türkmen dili we edebiýat bolanda hünärmen bolýamy?

 Jogap: Diňe bakalawr bar

 

Sorag: Egzamenler nirede geçýär ?

Jogap: Dokument tabşyranyňda eliňe list berýäler, şonda egzamen senesi hem-de nirde egzamen geçýäni ýazylgy bolýar ýagny her okuw jaýynyň özinde geçýär egzamenler.

 

Sorag: Ýokary okuw jaýlaryň näçe talyp kabul edýäni we näçe dalaşgär dokument tabşyrýany barada maglumat goýlanokmy?

Jogap: Maglumat tapsak  näçe talyp kabul edýäni goýular.

 

Sorag: Tölegli esasda ýokary okuw jaýynyň ýyllyk tölegi näçe manat?

Jogap: Tölegli esasda ýokary okuw jaýynyň ýyllyk tölegi:

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti: 7820man

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti: 7820man

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti: 7820man

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti: 7820man

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti: 7820man

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty: 7820man

Türkmen döwlet medeniýet instituty: 7820man

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy: 7820man

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy: 7820man

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti: 7015man

D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty: 7015man

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty: 7015man

Türkmen döwlet maliýe instituty: 7015man

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty: 7015man

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty: 7015man

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty (Lebap): 6210man

Türkmen oba hojalyk instituty (Daşoguz): 6210man

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty (Mary): 6210man

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty: 6210man

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty: 6210man

 

Bellik: Her ýylky okuwyň ýyllyk tölegiň 50% sentýabr aýynyň başynda, galan 50%-i okuwyň 2-nji ýarymynda (semestr) Türkmenistanyň Halk Bankyna tölemeli.

* Bahalar her ýyl 10% göterilip bilýär.

 

Sorag: Bakalawr we hünärmeniň tapawudy näme?

Jogap: Bakalawr hünärmenden 1 dereje pes bolýa, Eger-de bakalawr hünärmen derejesini aljak bolsa magistr okamaly bolýa.

 

Sorag: Bakalawr,Hünärmen, Magistr näçe okuw ýyl okaýalar?

Jogap: Bakalawr 4 ýyl, eger-de Iňlis dil taýýarlyk kursy hem okasa 5 ýyl

Hünärmen: 5ýyl

Magistr: 2 ýyl.

 

Sorag: Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyň gulluk borjy içindemi?

Jogap: Ýok gulluk borjy içinde däl

 

Sorag: Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty harby gulluk borjy içindemi?

Jogap: Ýok gulluk borjy içinde däl

 

Sorag: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty harby gulluk borjy içindemi?

Jogap: Ýok gulluk borjy içinde däl


Sorag: Tölegli esasda hünärmenler bilen býujet esasyndaky hünärmenleň näme tapawudy bar? Ikisiniň diplomy deň derejelimika?

Jogap: Howa ikisiniň diplomy deň derejeli, ikisiniň tapawudy diňe: Býujet esasynda her aý stipendiýa alýar; Tölegli esasda: her 6 aýdan okuwyň tölegini töläp okaýar.


Sorag: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiň gulluk borjy içindemi?

Jogap: Ýok gulluk borjy içinde däl


Sorag: Salam matematikadan egzamen bolanda diňe 6-njy klasa çenli okalan matematikadan soralýamy ýa 6-njy klasdan soňky algebradanam soraglar bamyka?

Jogap: Algebradanam we Geometriýadan hem soraglar düşýär, her soragnamaň 3-nji soragy hem mesele bolýar. Mekdep maksatnamasy boýunça islendik sorag gelip bilýär.

 

Sorag: Resminamalary tabşyrmaga baranyňda hökman sütükli gyzyl köýnek geýmelimi, ýada islendik reňkdäki ýakaly köýnek bolarmyka?

Jogap:  Islendik reňkdäki ýakaly köýnek bolýa, ýöne egzamen tabşyrmaga baranyňda gyzlar: gyzyl köýnek, tahýa, oglanlar: gara balak, ak köýnek, tahýaly barmaly

 

Sorag jogabyň dowamy bar..

 

Soraglaryňyz bolsa teswirde sorap bilersiňiz, elimizden geldigiçe jogap berers.



Esasy Bellik: Häzirki wagtda Kitaphana programmany ulanýan gaty az, maglumatlaryň täzelenmegi hem-de täze maglumatlaryň goşulmagy üçin Play marketdan programma 5 ýyldyz goýmagy we Imo arkaly istoriýaňyzda kitaphana programmany dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.  

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Semsat Gurbanowa 14 Jul, 2022
Men şu gun tabsyrdym dokumentlerimi yasayan yerinden 3 sany kepilnama almaly.Masgala yagdayyn barada , işlemeyandigin barada(isleyan bolsan zahmet depdercan we isleyan diyip )yasayan yerin barada.Sonam durmusa cykan bolsanyz Dogulus hakynda sadatnama yoldasynyzyn pasport kopyasy we ene atanyzyn pasport kopyasy gerek
Enedilim 20 Feb, 2022
"Hawa" diýip ýazylýar. Howa bolsa howa maglumatlaryndaky ýaly...
Admin 18 Jul, 2021
@Kakajan howa
Admin 18 Jul, 2021
@Arzuw Ähli ýokary okuw jaýlaryň egzamenleri bilet görnişinde
Gulnabat 18 Jul, 2021
Salam admin magtymgula tabsyrmak un yasayan yerinden kepilnama gerekmika?
Atamurat 18 Jul, 2021
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hünärmen ya-da bakalawrda byujet(stipendiyaly okuw) barmy ya-da yok?
Aysenem 18 Jul, 2021
Oguzhan adyndaky inžener tehnologiya uniwersitetinde Yaponiya okuwyny dowam etdirmek ucin nahili yagdayda ugradylyar?
Arzuw 18 Jul, 2021
Salam admin maña S.A.Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniweriniň oba,tokaý we balyk hojalygy fakultetiniň:miwe-gõk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň egzaminleriniň soraglary nähili görnüşde bolyar test tabşyryañmy ya-da bilet tartyp soraga jogap berýäñmi şony aydayyň?
Kakajan 18 Jul, 2021
Ýyllyk tolegmi yokardakylar
Admin 17 Jul, 2021
@alturisttt , ýok
Admin 17 Jul, 2021
@Atajan Ýokarda ýazdym, maglumat ýok diýip
Atajan 17 Jul, 2021
Name ucin Oguzhan uniwersutet bilen maliye instut nace adam alyanyn sany yazylmadyka
alturisttt 17 Jul, 2021
Resmina tabshyrykda yashayan yerin barada nikalashmadygyn barada mashgala barada resminamalar gerek bolarmyka
Admin 17 Jul, 2021
@Merdan ýokarda ýazyldy Bakalawr nämedigi
Admin 17 Jul, 2021
@Gulowser, Ýok, esasan biletdaky soraglara jogap bermeli
Gulowser 17 Jul, 2021
Orta mekdepde asistatyn hemmesi 5 bolanda yokary okuwa hayry barmyka?
Serdar Annadurdyyew 17 Jul, 2021
Binagärcilik instudynyñ binagärçilik ugruna haýsy predmetlardan egzamin?
Admin 17 Jul, 2021
@Sapa, Ýagsygeldi Kakayew ad. Halkara nebit we gaz uniwersitetinde gulluk borjy içinde däl, ýagny harby kafedrasy ýok.
Sapa 17 Jul, 2021
Ýagsygeldi Kakayew ad. Halkara nebit we gaz uniwersitetinde harby gulluk barmy?
Admin 17 Jul, 2021
@Aybolek, häzirlikçe ony bilemok, bilsem şu ýerde ýazarn