Türkmen döwlet maliýe instituty (Magistratura)

Türkmen döwlet maliýe instituty (Magistratura)

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

TÜRKMEN DÖWLET  MALIÝE  INSTITUTY 2024/2025-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygň aşakdaky ugruna talyplyga kabul edýär:

Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: telekeçilik we maliýe). Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Instituta taýýarlygyň telekeçilik we maliýe ugruna ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pesbolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyňraýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýada tassyklanan göçürmeleri (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we dermansenagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

3×4 sm ölçegdäki sekizsany foto surat;

işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi. Bulardan başgada, okuwagirmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

pasportyny;

harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Nädogryberlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çek ýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýy lyň 18-19-njy awgustynda geçirilýär.

Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşak daky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär: taýýarlygyň ugry: telekeçilik we maliýe — ykdysady nazaryýet, maliýe. Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr mak-satnamasyn a talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyl dan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalan ýarlar.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., (1987) Atamyrat Nyýazow şa ýoly, 112, tel.: 496199, 490792.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.